Parahatçylyk we ynanyşmak arkaly dostana gatnaşyklar

24 Ýanwar 2021
1947

Islendik döwletde durmuşa geçirilýän özgerişleriň netijeliligi, ilkinji nobatda, onuň saýlap alan ösüş ýolunyň aýdyňlygy we täsirliligi bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär» diýip, bu ýoly biziň häzir hem dowam edýänligimizi we hemişe oňa wepaly boljakdygymyzy belleýär.

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz şu şygaryň uly many-mazmuny özünde jemleýändigini, bu sözleriň watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam berjekdigini aýratyn nygtap geçýär.

Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.