Ösüşiň täze menzilleri

22 Ýanwar 2021
1686

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem şowly ädimler bilen başlady. Uly halkara taslamalary durmuşa geçirilip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly goňşy ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermeginde gurlan Akina — Andhoý demir ýolunyň, kuwwaty 500 kilowolt bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýylyň başynda ösüşlere badalga beren möhüm waka boldy. Milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş sapary mahaly «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyşyna-da gatnaşdy.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, desgalaryň işe girizilmeginiň aňyrsynda diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitleri bolman, eýsem, hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatdaky ynsanperwer maksatlary bar. Gündogarda giň ýaýran nakyllaryň birinde «Goňşyňda gül gögerse, ysy saňa ýeter» diýilýär.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.