Ýiti respirator kesellerinden goranmak

12 Ýanwar 2021
2017

Ýylyň dowamynda pasyllaryň çalyşmagy adam bedenine belli bir derejede täsir edýär. Howanyň üýtgemegi netijesinde adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykýar. Näsag asgyranda, üsgürende we gürlände howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara kesel ýokuşýar. Şeýle hem wirus göni däl galtaşyk arkaly elleriň, hapalanan zatlaryň üsti bilen geçip bilýär. Keseliň alamatlary üşütme, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň döwülýän ýaly bolmagy, bokurdakda agyry döremegi, umumy ysgynsyzlyk, işdä peslik ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli ýokuşan adamlar hem-de çagalar köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna, köpçülik awtoulaglaryna, lukmançylyk edaralaryna barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we lukman maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli.

Ýiti respirator keselleri bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek keselden goranmagyň iň ýönekeýje usulydyr. Keselden goranmak üçin elleriňi hemişe arassa saklamaly, hökmany ýagdaýda elleriňi 20 sekundyň dowamynda sabyny köpürjikledip, akar suwuň aşagynda barmaklaryň arasy bilen eliň iç we daş ýüzlerini, dyrnaklaryň içleri bilen gowy ýuwmaly. Her bir näsaglan adam asgyranda, üsgürende agzyny elýaglyk bilen tutmaly, bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soň, ýörite niýetlenen bedrelere taşlamaly, elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşmakdan gaça durmaly.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-iň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.