Saglyk — bagtyýarlygyň sakasy

12 Ýanwar 2021
1576

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky ýola goýulýan çäreleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek, şeýle-de ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak babatdaky işlerde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Häzirki günlerde jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wagyz-nesihat toparlary edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmet toparlarynyň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary bolan ýaş meýletinçiler bolsa, maşgala lukmanlary bilen bilelikde obadyr şäherçelerde bolup, hojalyklaryň arasynda düşündiriş işlerini geçýärler.

Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütlerinden ugur alnyp, ildeşlerimize degerli maslahatlar berilýär. Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, her bir adamyň gorag serişdelerini, şol sanda dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini ulanmagy, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegi, sagdyn iýmitlenmegi wajypdyr. Edara-kärhanalarda, köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak şertini we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle-de öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek esasy talaplaryň biridir.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.