Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

16 Dekabr 2024
188

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi. Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.