«Gül Zemin» görk berýär gözel paýtagta

6 Ýanwar 2021
3356

Türkmen telekeçileriniň guran bu döwrebap binasy paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryna aýratyn görk berýär. Agzybir halkymyz toý-baýramçylyklarda dürli naz-nygmatlary, ter gök-bakja önümlerini hem-de dürli görnüşli miwe şerbetlerini, süýjüliklerdir toý saçaklaryny bezejek beýleki harytlary bu ýerden elýeterli bahalardan satyn alýar.

Üç gatdan ybarat bolan täze söwda-dynç alyş merkezi owadan, milli binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Binanyň içine gireniňde bolsa, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Sag egniňde ak diwaryň ýüzündäki ak bedewleriň çarpaýa galan keşbine gözüň düşýär. Bu — mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ak ýollar bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapýandygynyň alamaty. Bu görnüşi eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri bilen baglasaň, has-da jüpüne düşýän ýaly. Çünki islendik ýurduň ösüşine onuň ak bazarlaryndaky haryt bolçulygy bilen baha berilýär. Täze açylan söwda-dynç alyş merkeziniň içindäki, esasan-da, birinji gatynyň tas ýarysyny diýen ýaly eýeläp oturan «Ak marketdäki» azyk we senagat harytlarynyň bolçulygy-da Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan barýandygynyň güwäsi bolup şöhlelenýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».