Ertirimiz nurana – geljegimiz ýagty

2 Dekabr 2024
193

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize bilim hem-de terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli işlerde bilim işgärleri yhlaslaryny gaýgyrman, ýokary derejede öndürijilikli zähmet çekýärler. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamy, galyberse-de, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň baş maksady ýaş nesliň düýpli bilim almagynyň we hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmeginiň anyk bähbitlerine gönükdirilendir. Onuň aýdyň görkezijileri ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur bilim, terbiýe almagy üçin edilýän ägirt uly aladalarda, olaryň jemgyýetçilik we maşgala gurşawynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döredilen ýokary mümkinçiliklerde jemlenendir.

Nesibe BAZAROWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.