Röwşen geljegimiziň şuglasy

1 Dekabr 2024
335

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly we yzygiderli ösýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda we medeniýetde giň gerimli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän beýik işlere, döwrebap ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy düýpli özgertmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlar syýasaty we milli bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Hormatly

Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere daýanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri, bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki taryhy döwürde öz hünäriniň ussady bolup kämil pikirlenip bilýän, sagdyn, bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Mährijamal MOMMYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.