Begligiň baş badalgasy

28 Noýabr 2024
210

Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde ynsan saglygy ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip kepillendirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa öňdengörüjilikli kämil paýhasy bilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp paýhasy döwrüň ýörelgesine öwürdi.

Ata Watanyny janyndan eziz görüp söýen merdana, gujur-gaýratly ýigitlere begler  diýipdir türkmen. Emma halkymyzyň begligiň baş badalgasy dogrusynda aýdan bir nakyly hem bardyr. Dogry, ol nakyl «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dört sözden ybarat müdimilik paýhasdyr.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň doktoranty.