Döwletliligiň nyşany

31 Oktýabr 2024
320

Nal diýlende, diňe bir atyň toýnagyna kakylýan demir däl-de, eýsem, ol baradaky dürli yrym-ynançlar, rowaýatlar hem biziň aňymyza gelýär. Sebäbi nal diňe bir türkmen halkynda däl, dünýä halklarynda döwletliligiň nyşany hökmünde görülýär. Nal tapmak ýa-da sowgat almak gowulygyň alamaty hasaplanylýar. Nal barada gadymdan bäri dürli halklarda dürli yrymlar, rowaýatlar döredilipdir.

Naly öýde nädip saklamalydygy barada-da dürli düşünjeler bar. Öýdäki ýagşy niýetler, döwlet, baýlyk dökülmesin diýip, öýüň gapysynyň iç tarapyndan nalyň «aýaklaryny» ýokary edip asyp goýýarlar. Eger nal gapynyň daş ýüzünden asylsa, onda gara güýçler, erbet niýetler saklanman, dökülip durar ýaly, ony aşak bakdyryp goýýarlar. Meksikalylarda naly el ýetmez ýaly ýerden kakypdyrlar. Italýanlar her kimiň eli ýetip durar ýaly, ony pes ýerden asmagy makul bilipdirler. Hytaýlylar naly öýleriniň demirgazyk-günbatar tarapynda, beýleki gündogar halklary gapynyň agzynda gömýärler.

Aýnabat OSMANOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.