100 milliard dollar gönükdirer

26 Sentýabr 2024
350

  Aziýa Ösüş banky täze maksatnama kabul edendigini – 2030-njy ýyla çenli howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş boýunça çäreleri maliýeleşdirmeпine özüniň ýyllyk karzlarynyň 50 göterimini bermek we onýyllygyň dowamynda giň gerimli strategiýa täzelenmesiniň çarçuwasynda hususy pudagyň maýa gönükdirmesini işjeňleşdirjekdigini mälim etdi.
AÖB-nyň maglumatlaryna görä, täze maksatnama 2019-njy we 2030-njy ýyllar aralygynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş üçin 100 milliard dollar bölüp berer. Şeýle-de bolsa, şu güne çenli diňe 30 milliard dollar bölünip berildi.
-Biz bankymyzyň işini sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça meselelere gönükdirmek isleýäris – diýip, Aziýa ösüş bankynyň strategiýa müdiri Tomoýuki Kimura aýtdy.
Tomoýuki Kimura 2030-njy ýyldaky Strategiýanyň çäginde Aziýanyň iň möhüm ösüş meseleleriniň bäşisine ünsi jemlejekdigini aýtdy: bank howanyň üýtgemegi, hususy pudagy ösdürmek, şeýle-de saglygy goramak, sanly üýtgeşmeler we jemgyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly halkyň abadanlygyna gönükdirilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.