Döwletli tutumlar, rowaç gadamlar

25 Sentýabr 2024
327

Buýsançly kalplaryň joşguny

Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda taryha altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şolaryň biridir. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan we eşretli ýaşaýşy barada döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Mejlis täze taryhy eýýamda döwletlilik taglymatynyň, milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlary halkymyzyň buýsanç duýgularyny artdyrdy hem-de «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň dabaralanýandygynyň kepiline öwrüldi.

Nurmeňli MUHAMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.