Sanly ykdysadyýetiň uly mümkinçilikleri

4 Sentýabr 2024
440

Sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Halk bähbitli maksatlara gönükdirilen, döwrebap çözgütleriň biri hasaplanylýan sanly ykdysadyýete, başgaça, «elektron ykdysadyýet» hem diýilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň bu görnüşinde elektron tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy bilen delillendirilýär.

Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy onuň mümkinçiliklerini artdyrdy, hyzmatlaryň hilini has ýokarlandyrdy. Nagt däl hasaplaşyklar ulgamy sähelçe wagt mundan öňküden hem has ösdi. Hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleri bolsa yzygiderli köpelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda pul dolanyşygynyň netijeliligi hem ýokarlandy. Hödürlenilýän hyzmatlary online tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly töleg ulgamynyň ýaýrawy ýene-de giňeldilýär.

Zagina NARGULYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasynyň esasy hünärmeni.