Köňül telwas eýlär Awaza sary

13 Awgust 2024
714

Tomsuň jöwzaly günlerinde Awaza baradaky pikirlere berleniňi duýman galýarsyň. Hazaryň türkmen kenaryna sary telwas urýan heýjanly kalbyňda «Haçan gitmeli? Nämede gitmeli?» diýen ýaly sowallar ikiýana «at salýar». Bu jenneti mekana ilkinji gezek çärýek asyr mundan owal barypdym. «Zenan kalby» žurnalynda işe başlap, Türkmenbaşy şäherine ilkinji döredijilik saparymda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, deňiz kenaryndaky täze gurluşyklar barada ýazan reportažymda şeýle belläpdirin: «Jana şypaly bu kenara ýene-de gelip görmek, öňki tozap ýatan meýdanlarda gurulýan kaşaň binalaryň açylyşyna şaýat bolmak arzuwy kalbymyzda gözel duýgulary döredýär. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan bu ýerler ajap görnüşe girip, syýahatçylygyň göwher gaşyna öwrüler. Mähriban Arkadagymyzyň rehnet nazaryndan, jöwher paýhasyndan döreýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkymyza soňsuz eşretleri bagyş eder».

Bu şeýle-de boldy. Türkmenbaşy şäherine indiki döredijilik saparymda meni eýýäm Hazar deňziniň türkmen kenarynda seteran gurlan döwrebap binalar toplumy, şaraňlap duran ak ýollar, bagy-bossanly, gül-gülälekli meýdanlar garşy aldy. Emeli derýanyň suwy lummurdap akyp, onuň kenaryndaky dynç alyş nokatlarynda, kafedir restoranlarda, garbanyşhanalarda ildeşlerimiz wagtlaryny hoş geçirýärdiler. Ol ýerdäki dynç alyş merkezli akwaparkyň, deňiz çüwdürimler toplumynyň, medeni-dynç alyş seýilgähleriniň, köpugurly sport toplumynyň mähellesi ýetikdi.

Keýik UMAROWA,
žurnalist.