Zenan mährinden döreýän lybaslar

6 Iýun 2024
1322

Gojaman Köpetdagyň etegindäki tanymal sahna ussadymyz Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän gür bagly, al-elwan gülli köçäniň ugrunda ýerleşýän Arkadag şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi mydama köp adamly. Çünki bu binada milli lybaslarymyzyň dürli görnüşlerini öz içine alýan tikinçilik öýleriniň birnäçesi ýerleşýär. Ýakynda bu binada dürli milli lybaslary taýýarlap, ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan «Mähirli zenan» Modalar öýüniň hem täze önümhanasy işläp başlady. Ol ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp baranymyzda bizi hünärmen Jemal Annamyradowa garşy aldy. Täze önümhanada işler gyzyşypdy. Tikinçi zenanlaryň hersi bir işiň başyndady. Biçimçi zenan owadan gülli matanyň o ýan bu ýanyny ölçäp, kesip, biçüw işleri bilen meşgul bolsa, tikin enjamlaryna erk edýän gyz-gelinleriň onlarçasy dürli lybaslary tikip, iş başyndadylar. Taýýar edilip goýlan lybaslar milli we döwrebap biçüwi, nepisden owadan keşdeleri bilen ünsüňi çekýärdi. Önümhana müdiri buýurma bilen gelen müşderileri kabul edýärdi. «Mähirli zenan» Modalar öýüniň Arkadag şäherinde ýerleşýän täze önümhanasyndaky joşgunly zähmet meni bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy Aýna Durdylyýewanyň ýanyna alyp bardy.

...Durmuşyň öwrümli ýollary kän. Kähalat pikir etmedik zadyň ýüze çykýar duruberýär. Bu, hünär babatda-da şeýle. Oňa hususy pudakda modalar öýüni açyp, häzirki wagtda owadan lybaslary bilen diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä ýurtlarynda-da tanalýan telekeçi zenanyň durmuşynda-da göz ýetirmek mümkin. Tikin tikip, keşde çekmegi çagalykdan höwes edenem bolsa, ýaş gyz orta mekdepden soň, lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, zähmet ýoluny şol ugurdan dowam etdirýär. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ol çagalyk arzuwyna dolanyp gelýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».