ÝAŞ TELEKEÇILER – DÖWLETIMIZIŇ BUÝSANJY

3 Iýun 2024
1212

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoly bilen Watanymyzy we mähriban halkymyzy ösüşli menzillere sary bedew bady bilen alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklary, kämil hünärleri ele almaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Çünki şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler.

2022-nji ýylda rejelenen görnüşi kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynda ýaşlaryň telekeçilige çekilmegine, hünärlere ugrukdyrylmagyna, gaýtadan taýýarlygyna we hünär kämilleşdirilişine jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşygy babatynda beýan edilýär. Munuň özi ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitleýär.

Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri.