Telekeçiligiň ösüşi — bazar ykdysadyýetimiziň özeni

15 Maý 2024
1381

Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet tarapyndan ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryna giň goldaw berilýär. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary eziz Diýarymyzyň dürli pudaklaryna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Milli ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we yzygiderli goldamak meselesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem maksatnamalaýyn esasda, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol esasda döwlet Baştutanymyz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanmagy, Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda möhüm ädim boldy. Şeýle Maksatnamanyň netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şol esasda ýurdumyzda amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ösdürmek wezipeleri gelip çykýar.

Ýörite habarçymyz.