«Geran» bilen has rahat

13 Maý 2024
975

Dünýämiz gözel, şonuň bilen birlikde durmuşam gözel. Ynsan durmuşy bolsa adaty iş günleri we dynç alyş günlerinden ybarat. Çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap adamlary bolsa özleriniň köp wagtyny işde geçirýärler. Diýmek, iş – adam ömrüniň aýrylmaz bir bölegi. Ine, onsoň ömrümiziň köp bölegini geçirýän ýerimizde – işde hem-ä talabalaýyk, hemem rahat we gözel geýinmek her birimiziň islegimiz. Geliň, gazetimiziň şu sanynda iş eşikleriniň dürli görnüşlerini tikip, türkmen bazaryny ýörite egin-eşikler bilen üpjün edýän «Geran» tikinçilik kärhanasy barada söhbet edeliň!

2013-nji ýylda telekeçi Gurbanow Güýçmyrat tarapyndan Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde esaslandyrylan «Geran» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri köplere tanyş bolsa gerek. «Geranyň» ýöriteleşen egin-eşikleri gözegelüwli biçüwi hem-de rahatlygy, möwsüme görä oňaýly materiallardan taýýarlanylandygy bilen eýýäm halk arasynda uly islegli geýimlere öwrüldi. Ýörite buýurmalar esasynda taýýarlap bermek esasynda halka hyzmat edip gelýän «Geranyň» öndürýän iş eşikleriniň, erkek adamlara we çagalara niýetlenen lybaslarynyň ýokary hili we amatly bahasy ýurdumyzda ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikleriň netijesidir. Bazar gatnaşyklarynyň barha pajarlaýan döwründe bäsdeşlik esasynda döredilýän ýokary derejedäki hyzmatlar, ösen dünýäniň talaplaryna doly laýyk gelýän önümler indi nijeme wagt bäri öz ýurdumyzda döredilip, halkyň isleglerini kanagatlandyryp gelýär. Elbetde, import edilýän harytlaryň milli önümlerimiziň hasabyna ýeriniň doldurylmagy ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň häzirki zaman dünýäsi bilen deň gadam basýandygyny alamatlandyrýar. Bu babatda amala aşyrylýan beýik işlere «Geran» hususy kärhanasy hem mynasyp goşandyny goşýar.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».