Parahatçylyk — bagtyýarlyk kepili

28 Mart 2024
1650

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen öňe sary ynamly gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni halkymyza bagtyýarlyk şuglasyny saçýar. Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 23-nji martda geçirilen nobatdaky mejlisinde-de ýurdumyzyň halkara abraýyna şaýatlyk edýän ýene bir şatlykly habar kalplara doldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň we gadymy Änewiň «türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şatlygyna dolan Diýarymyza toý buşlugy bolup geldi. Bu Maksatnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG bilen soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan strategik hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek anyk görkezdi.

Annatäç JARÇYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.