Hoşniýetli hyzmatdaşlyga daýanyp

21 Fewral 2024
2107

Häzirki wagtda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlige ýugrulan, umumadamzat bähbitlerini ileri tutýan syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan parasatly işleriniň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplary bildirmek bilen, onuň döwrebap derejede kämilleşmegi we işiniň netijeliliginiň artdyrylmagy, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleriň goralmagy, düýpli ylmy-tejribe binýadynyň döredilmegi we bu esasda ussat hünärmenleriň mynasyp nesliniň taýýarlanylmagy baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, beýleki döwletler hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar.

Muhammet MUHAMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.