"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Netijeli hyzmatdaşlyk

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Ygtybarly hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Goňşy döwletleriň we doganlyk halklaryň bähbidine

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda – gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu maslahat köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine kybap gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir. Sebit boýunça goňşular bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn hem-de köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: – Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

Parahatçylygyň, durnuklylygyň, dünýäde abadançylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur häzirki halkara gatnaşyklary üçin aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Hazaryň kenarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bu gatnaşyklary aýdyň görkezdi. Bu halkara çäreleri milli Liderimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň uzakmöhletleýin häsiýete eýediginiň, Türkmenistanyň köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerindäki işjeň ornunyň, sebitiň ýurtlarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly  utgaşdyrylýar.  Munuň şeýledigi, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegi we rejelenmegi hem-de käbir kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda dürli halkara çäreler üstünlikli geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we beýleki ýokary derejeli forumlar, sergiler milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň miwesi bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetleriň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýar. Şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar bolmagyny şertlendirýär.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent nusgasy

6-njy awgustda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmegi bir tarapdan, Hazaryň türkmen kenarynyň dünýä ähmiýetli iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini görkezse, beýleki tarapdan, döwletimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek esasynda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, halklaryň abadan ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek babatda işjeňlik görkezýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde ikinji konsultatiw duşuşygy geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça birnäçe anyk başlangyçlary beýan edipdi. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Zenan sarpasy

Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň we ykdysady forumyň üstünlikli geçirilmegi sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti ýokary derejede gurama

Mekdep bazarlary hyzmatda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Munuň özi 2021 — 2022-nji — täze okuw ýylynyň bosaga gelendigini aňladýar. Sapaly dynç alyşda bolan çagalar indi okuw ýylynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar täze okuw ýylynda hem oňat bahalar alyp, göreldeli okuwçy bolmagy maksat edinýärler. Çünki, bagta barýan ak ýollaryň menzilleri mekdepden gözbaş alýar. Mekdeplerde bolsa täze okuw ýylynyň başlanandygyny habar berýän jaň sesiniň ýaňlanjak güni indi uzakda däl. Mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işleri göwnejaý alnyp baryldy. Mugallymlar okatjak synplaryna ýeterlik okuw kitaplaryny gözden geçirip, görkezme esbaplaryny barlap, ykjam taýýarlansalar, ata-eneler çagalaryny okuw esbaplary bilen üpjün etmek bilen meşgullanýarlar. Ata-eneleriň çagalarynyň oňat okap, döwrebap bilim almagy barada edýän aladalarynda kösençlik çekmezlikleri üçin welaýat merkezinde, etrap-şäherlerimizde mekdep bazarlary işläp başlady. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bolan şol bazarlaryň birnäçesi “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynyň çäginde hereket etse, etrap merkezlerindäki söwda bazarlarynda guralýan mekdep bazarlary hem bol harydy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Ýokary derejeli halkara hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli maslahatlardyr forumlaryň, festiwallardyr sergileriň, halklary has-da ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan çözgütler kabul edilýän duşuşyklaryň merkezine öwrüldi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň gözel künjekleri has-da ajaýyp keşbe, toý lybasyna beslendi. Bu tötänden däldir. Awazanyň gözel kenary bu günki günde ýene-de arzyly myhmanlary garşylady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli waka, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň  Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda «Awaza» Kongresler merkezinde geçirilen ýokary derejeli bu forum sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny giňeltmäge gönükdirildi.

Halkara hyzmatdaşlyklar — dostlukly gatnaşyklar

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegi, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, gumanitar hem-de medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy öňde goýlan esasy wezipelerdir. Şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň bir mysalyny biz şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Hazaryň türkmen kenarynda geçen bu taryhy ähmiýetli duşuşykda sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolan ulag ulgamyny ösdürmek meselesine garalmagy Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň dörejekdigine ynamy has-da berkitdi. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa sebitiniň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmakda, sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda, pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagy, sebitiň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrma

Halkara ähmiýetli waka

Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy häzirki zaman dünýä syýasatynyň şanly wakasy boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Bu ýerde geçirilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bu çärelere Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy çäreleriň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy we yhlasy bilen ajaýyp ýylymyzyň baý many-mazmunly adyna mynasyp amala aşyrylýan nusgalyk işler türkmenistanlylaryň he

Mizemez dostlugyň ýoly

Milli Liderimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, ösüş arkaly parahatçylyk, halkara ulag geçelgelerini döretmek, energiýa serişdeleri, ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen bagly başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler we abraýly halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak babatda öňe sürülýän başlangyçlar, şeýle hem bu ugurda ählitaraplaýyn döredilýän şertler bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagyna otuz ýyl dolýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň mümkinçiliklerini giňden dabaralandyrmaga täze şertleri açýar. Bu ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek işinde özboluşly gural bolup hyzmat edýär.

Gol­da­şan gol kuw­wat­la­nar

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­dan soň­ky oý­lan­ma­lar Beý­le söz­ba­şy tö­tän­den dö­re­me­di. Te­le­wi­zo­ra se­re­dip otyr­kam, Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ha­zar ke­na­ryn­da ge­çen şu ge­zek­ki fo­rum­da aý­dan «Bi­ziň bi­le­lik­de çö­züp bil­me­jek me­se­lä­miz ýok­dur» di­ýen sö­zi ýü­re­ge jüňk bo­laý­dy. Ga­dy­my hem da­na Gün­do­gar­da bol­sa «Gol­da­şan gol ýük gö­te­rer» di­ýen ýör­gün­li aýt­gy bar.

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat

Biziň halkymyzda tebigat bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamak gadymdan gelýän ýol-ýörelgeler hasaplanylýar. Şonuň üçin hem daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolmagynda galýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahat Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Hazar deňziniň gününi Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellemek asylly däbe öwrüldi.

Aý nuruna ýalkym saçýar Awaza

Goja Hazaryň ajaýyp kenarynda jahana aklyk hem-de gözellik paýlaýan ýaly bolup oturan Awaza bu gün jenneti ýatladýar. Onuň her bir künjeginde gözellik bar. Aňyrsyna göz ýetmeýän bu deňziň ajap kenarynda seýil etmek, onuň asmanynda uçup ýören çarlaklaryň sesine maýyl bolmak köňüllere melhem bolup siňýär, kalbyňa tükeniksiz hyjuw berýär, her bir adamyň gözellige bolan teşneligini gandyrýar. Awazanyň ajaýyp gözelligine bütin durkuň hem düýrmegiň bilen goşulyşyp, gatylyşyp gideniňi duýman galýarsyň. Jenneti mekanyň gözelligini, deňiz guşlarynyň al-asmana göterilip perwaz edişlerini synlamak hem täsin, hem-de göwün göteriji. Bu täsin gözellik bada-bat ruhy dünýäňi gaplap, kalbyňa rahatlyk çaýýar. Şeýdip, ajaýyp Awazanyň gözelliginden lezzet alýan ynsan ylhamlanýar, gujurlanýar, hyruçlanýar. Bu ýakymly görnüş ruhy dünýäňe siňip, ýakymly täsirleriň, lezzetli duýgularyň gujagyna atarýar. Tebigy gurşawyň bu gaýtalanmajak dünýäsine seýran etmek, çarlaklaryň sesine ylhamlanmak köňle üýtgeşik aram berýär. Bu gözelligiň gujagynda ýaýnap, «Deňiz guşy» atly aýdyma hiňleneniňi duýman galýarsyň. Gök deňiz-ä, gök deňiz,Hüwdüle sallançakda.Ýöne bolsun hüwdüleň,Hazar deňizi hakda.

Köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy bu ýurtlaryň ösüş meýillerini beýan edýän, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn döwür üçin ylalaşylan ugurlaryny kesgitleýän möhüm syýasy çäre boldy. Ýokary derejeli bu çäre sebitdäki hyzmatdaşlyk meýdançasynyň bu görnüşiniň peýdalydygyny görkezdi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň Hökümetlerine ozalky konsultatiw duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna çuňňur seljerme geçirilmeginiň, orta möhletli döwre niýetlenip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça çäreleri kesgitlemegiň hem-de bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän «Ýol kartasyny» kabul etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hazaryň ekologiýa abadançylygy

12-nji awgustda Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk

Öňňin Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.