"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Mediaforum: dostlukly göwünleriň söhbedi

15-nji sentýabrda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň mejlisler jaýynda halkara mediaforum geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu mediaforumy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de Döwlet habarlar agentligi bilelikde guradylar. Onda türkmen žurnalistleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ençemesinden iri habar beriş serişdeleriniň wekilleri wideoýazgy görnüşinde çykyş etdiler.

Täze mümkinçilikler

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda, BAE-niň maýa goýum serişdeleri bilen baglanyşykly wideoaragatnaşyk görnüşinde maslahat geçirildi. Onda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenler maýa goýum serişdeleriniň ösüşi, onuň gazananlary we adamzat jemgyýetine ýetirjek oňyn peýdasy bilen bagly gürrüň etdiler. BAE geljekki 50 ýylyň täze meýilnamasyny düzýärler we ony durmuşa geçirýärler.

VI Hazar mediaforumy

Türkmenistanyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media-giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media-taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde, şol sanda media giňişliginde eýeleýän ornuny berkidýän, umumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň bu foruma döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu mediaforumyň çäklerindäki gepleşikleriň usuly şu sebitde ähli ulgamlarda, şol sanda häzirki zaman şertlerinde köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmek ýaly ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda täsirli gural bolup hy

Türkmenistanyň täze başlangyçlary

Mälim bolşy ýaly, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň wise-başlyklyk eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň resmi taýdan öz işini tamamlamagy bilen 76-njy mejlisi öz işine başlady. Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer başlangyçlary, teklipleri bilen işjeň çykyş edýän ýurdumyz 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlemekde netijeli işleri alyp bardy.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şuglaly sahypalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan—  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belent ruhubelentlige beslenip bellenilýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglara,  ýakymly sözlere, ajaýyp arzuwlara beslenen hatlardyr telefon jaňlary  diňe bir öz ildeşlerimizden däl, daşary ýurtly dostlarymyzdan hem gelýär. Biziň ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly dostlarymyzyň ýürek buýsançlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyşlary has-da täsirli. Gazetimiziň şu sanynda  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy, «Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň» başlygy Tanzilýa NARBAÝEWANYŇ ýürek buýsanjyna beslenen baýramçylyk gutlagyny size ýetirmegi makul bildik . — Türkmen-özbek halklary diňe bir goňşy oturan doganlyk halklar bolman, bir taryhda, bir ykbalda ýaşan halklar. Şu ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtynda boldy. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna gatnaşdy.

Hazaryň media giňişligi

Tebigat Hazara başga hiç bir deňze eçilmedik baýlygyny sahylyk bilen berip bilipdir. Üns berseňiz, köp halatda dünýä deňizleriniň gürrüňi diňe maddy nukdaýnazardan edilse, Hazar hakynda edilýän söhbetler umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan asylly maksatlary öz içine almak bilendir. Milli Liderimiziň: «Hazar hemişe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip nygtaýşy ýaly, Hazar — illeri dostlaşdyrýan deňiz, onuň türkmen kenary bolsa dost-doganlygyň mekanydyr. Ýaňy ýakynda, has takygy, 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni media giňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine parahatçylykly ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň ilkinji şerti hökmünde garaýar. Bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Ýurdumyz BMG-niň maslahatlarynda ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, bütin adamzat ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirmek maksady bilen, türkmen döwleti BMG-niň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulýar.

Biziň ruhy dünýämiz

Obalarda kitaphana hyzmaty Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň Şapak, Merw, Ýalkym, Gatakar geňeşliklerinde oba kitaphana şahamçalary açylyp, işläp başlady. Bu bolsa oba ýaşaýjylarynyň boş wagtlaryny gyzykly kitaplar bilen geçirip, medeniýetli dynç almagynda, milli Liderimiziň ajaýyp eserlerini okap, dünýä akyl ýetirmeginde oňyn şertler döretdi. Kitaphana şahamçalary oba ýaşaýjylarynyň, dürli ýaşdaky okyjylaryň, esasan-da, mekdep okuwçylarynyň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu bolsa ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Kitaphana şahamçalarynda baýramçylyk senelerine bagyşlanyp, medeni-köpçülik çäreleri, ýaşulular bilen duşuşyklar, edebi-sazly agşamlar, okyjy konferensiýalary yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerine, täze gelýän neşirlere bagyşlanyp kitap sergileri gurnalýar. Kitaphana şahamçalarymyzyň her birinde dürli gurnaklar hem hereket edýär. Umuman, eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen kitaphana şahamçalarymyzda okamak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Döwrebap şertler ýurdumyzda kitaba goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr.

Halkara gatnaşyklarda medeni diplomatiýa

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren okuw sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň iň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda mähriban Watanymyzyň öwrenmäge we öwredilmäge mynasyp bolan şanly taryhynyň buýsandyryjy sahypalaryny giňden açdy we ýaşlara bu taryhy öz ajaýyp işleri bilen bezän ussatlarymyzyň, uly-uly döwletleri esaslandyran gahrymanlarymyzyň durmuş tejribelerini mynasyp dowam etmek, doglup, önüp-ösen topragymyzy sarpalamak, Garaşsyz döwletimiziň mukaddesliklerini — ýaşyl Tugumyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy gözüň göreji ýaly goramak babatynda pähim-paýhasa ýugrulan maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi.

Türk­me­nis­tan — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy: ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­lyk

Türkmenistan — Milletler Bileleşigi: ynam, jogapkärçilik, ykrar

Şu gün — 14-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar Şu gün Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlaýar. Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz şu gün — 14-nji sentýabrda badalga alýan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlär.

«Serhetsiz Hazar»: türkmenistanly žurnalistleriň halkara üstünligi

Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn usulda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde geçirilen VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlenip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Irina Imamkuliýewa «Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy», gazetiň fotohabarçysy Hasan Magadow bolsa «FotoHazar» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna türkmenistanly žurnalistleriň özboluşly sowgady boldy. «Serhetsiz Hazar» atly bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň žurnalistleriniň birek-biregi has içgin tanamak we tejribe alyşmak meýilleri bilen şertlendirilendir. Çünki bu bäsleşige gatnaşmak kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy, Hazaryň ykbaly hakynda gaýtadan oýlanmaga itergi berip, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

VI hazar mediaforumy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk hem-de etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly bolup, oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hödürlenildi. Mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär. Biziň döwletlerimiziň arasynda kemala gelen oňyn syýasy gatnaşyklar hem-de diplomatik tejribäniň netijeli gurallary, taryhy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi ähli ulgamlarda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, dürli pudaklarda, şol sanda medeniýeti, syýahatçylygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öz içine alýan ynsanperwer ulgamda köp sanly tasl

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Gazçylaryň guwançly gadamlary

Bagtyýarlyk zamanamyzda türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy waka — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimizi indi bütin dünýä tanaýar. Ynamly öňe gitmek üçin geçilen menzillere ser salmak bähbitlidir. Uly toýuň öň ýanynda Garaşsyzlykda gazanylanlara göz aýlamak has-da ýakymlydyr. Bu babatda milli ykdysadyýetimiziň iri we durnukly ösýän pudagy bolan gaz senagatynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere ser salmak eşretli ertire uly ynamy we ýokary ruhubelentligi döredýär. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda uly üstünlikler gazanyldy. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olary senagat taýdan özleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip, Ýolöten etrabynyň çäginde

Bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän mediaforum

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda tutýan orny

Daşary söwda syýasaty daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge täsirini ýetirýän çäreleriň toplumydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňeýär we ýurdumyzyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasynyň geografiki düzümi ýyl-ýyldan diwersifikasiýalaşýar. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmaga amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary sanly ulgama geçirilýär. Has dogrusy, «bir penjire» ulgamynyň üsti arkaly täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bol

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Bir taglymat — iki sebit

Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy häzirki döwrüň gereklenilýän taglymaty bolup orta çykýar. Şeýle teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň garamagyna hödürlemek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen mejlisinde habar berildi we ol bada-bat kalplara ornady. Bu başlangyjyň dünýäniň iň uly münberinde biragyzdan goldaw tapjakdygyna ildeşlerimiz birjik-de şübhelenmeýärler.

Parahatçylygyň we ösüşiň taglymaty

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşynda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz talyplardyr mekdep okuwçylary bilen duşuşyp, döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde nusgalyk okuw sapagyny geçdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýokary ylmy-pedagogik we mugallymçylyk-halypalyk ussatlygyny açyp görkezmek bilen, Diýarymyzda ylym-bilime, ýaş nesillere döwlet derejesinde bildirilýän üns-aladany nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy sapagynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda çuňňur seljermä esaslanan garaýyşlar beýan edildi. Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň netijeliligi, onuň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de doganlygyň dabaralanmagyna itergi berýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur.