"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Maksatnamalaýyn işler ileri

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Täze desgalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Ahal welaýaty — Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady

Aşgabat — Moskwa, 8-nji maý (TDH). Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda ildeşlerimiziň beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde, parahat we asuda durmuşyň hatyrasyna XX asyryň iň gazaply urşunda egin-egne berip, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk görkezendikleri bellenilýär. Biz Beýik Watançylyk urşunda jan aýaman söweşen, ýadawsyz zähmet çeken türkmenistanlylaryň gahrymançylygyny hemişe hakydamyzda saklarys. Olaryň edermenligi we gaýduwsyzlygy Watana, halka, tutuş adamzada tüýs ýürekden gulluk etmegiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.

Berkarar döwletimiziň batly gadamlary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzyň şanyna ýurdumyzda toý-baýramlarymyz goşa-goşadan tutulýar. Munuň özi beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň doly derejede amala aşýandygyna şaýatlyk edýär. Onuň aýdyň hakykaty bolup, şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijelerine bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki hasabatlar hem göwün guşumyzy has-da ganatlandyrdy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başyndan bäri milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Il-ýurt bähbitli işler

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň geçen dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy bellenildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Düýn — 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralary boldy. Täze açylan sement zawodynda ýerine ýetirilen inženerçilik işleriň we oturdylan enjamlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan daşary ýurt güwänamasy hem gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň par

Watan gahrymanlaryna ebedi şöhrat!

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, olaryň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çeken raýatlarymyz aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr. Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyz ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmelere buýsanyp, täze eýýamda eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi hemişe hormata mynasypdyr. Olaryň nusgalyk ömür ýollary ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde hem-de halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde egsilmejek hazynadyr. Şeýle ýowuz günleriň garşysynda döş gerip duran merdanalarymyzyň gazanan Ýeňşi doganlyk halklaryň ençemesi bilen birlikde, her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda hem uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.

Işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegi möhümdir

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bedew batly ösüşleriň binýady

Şanly ýylymyzyň ösüşli menzilleri, gazanylýan üstünlikleri her birimizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan netijeler baradaky hasabatlar diňlenildi. Mejlisde şu ýylyň dört aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime, senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzy ösdürmek babatynda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Ýaz göwünli mähriban zenan

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda: «Siz özüňizi Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ynsan, ussat diplomat, işbaşarjaň, guramaçy, talap ediji ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başardyňyz. Özüňize ynanylan wezipeleri borjuňyza ýokary derejede düşünip, ak ýürekden, nusga alarlyk derejede ýerine ýetirdiňiz» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň diplomat zenanyň ýubileýi mynasybetli iberen gutlag hatynda bolsa: «Siz tejribeli we ussat diplomat hökmünde ýurdumyzyň ýaş diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmekde, öz baý tejribäňizi olara öwretmekde hem köp işleri bitirdiňiz. Häzirki döwürde-de yhlasly zähmetiňiz bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarsyňyz» diýen ajaýyp jümle bar.

Gülläp ösüşleriň röwşen ýoly

«Ýol» sözi iň gysga sözleriň biri. Haýran galaýmaly, bu sözüň çägine girýän manylar welin, sanardan kän. Ýaşaýyş ýüz-müňlerçe ýollardan ybarat. Heňňamyň, taryhyň müňlerçe ýyllyk ýollarynda köp-köp ösüş ýollary döräp, ýaşaýşyň häzirki ösen derejesi kemala gelipdir. Ýol gurmak, ynsanlar üçin bähbitli ýaşaýyş, ruhy, aňyýet ýollaryny döretmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, elbetde, her bir jemgyýetiň dünýädäki ornuny kesgitleýän şertleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gurýan, döredýän, açýan ýollarynyň netijesinde berkarar türkmen döwletiniň bu günki gün dünýäde öz mertebeli ornuny pugtalandyrýandygy türkmen halkynyň bagtyýarlyk, agzybirlik, ösüş ýoly bilen geljege ynamly barýandygynyň alamatydyr.

Döwletliligiň aýdyň beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar. Mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň aýdyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlary astynda durmuş-ykdysady ösüşiň ugurlary boýunça ýurdumyzda milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Degişli çözgütler kabul edildi

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.