"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň meşhur “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de şu günki şanly waka, “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen söhbetdeş boldy. Hanym Natalýa German wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de sebitde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Bitarap Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň binagärlik keşbine görk goşan “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy. Iri halkara guramanyň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşligiň barşynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagt, belent maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw etdi. Kristina Weýgand, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de türkmen paýtagtynda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de üstünlikler, täze taryhy eýýamyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde egsilmez gujur-gaýrat arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda işewür hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza bagt, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, işewür hormatly Prezidentimizi döwrebap “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyndaky täze sepgitler

Ýurdumyz milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Muňa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.. Günüň ikinji ýarymynda Prezident Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak maksady bilen, Gypjaga bardy we bu ýerde ýerleşýän aramgähde gül desselerini goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halkyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklary dabaralanýar

Öz daşary syýasy strategiýasyny ilkibaşdan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde guramak bilen, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyk, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Şunda alysdaky we goňşy döwletler, şol sanda Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny dostlukly Gyrgyz halky bilen köpasyrlyk dostluk däpleri we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär. Asyrlaryň synagyndan geçen dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm binýat bolup durýar. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýaňy-ýakynda Türkmenistana bolan resmi sapary hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ilçi işe başlady

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugry

27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

AŞGABAT, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy.

Medeni hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýermegi netijesinde, bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu gün ýurdumyz dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigi hemmämizi buýsanja besleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümleriniň agzasy bolup durýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan 2022—2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesi boýunça düzümiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygy hem subut edýär. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Žene

Netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti

AŞGABAT, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar. Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugra Türkmenistan BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzüminiň döredilmegine maýa goýumlary gönükdirilýär.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryndaky dostluk köprüsi

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Kerki howa menziline ICAO-nyň kody we halkara ülňülere laýyklyk güwänamasy berildi

Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.