Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyndaky täze sepgitler

28 Iýun 2021
1042

Ýurdumyz milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Muňa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär..

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak maksady bilen, Gypjaga bardy we bu ýerde ýerleşýän aramgähde gül desselerini goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halkyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.

"Nesil".