Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti

26 Iýun 2021
1225

AŞGABAT, 25-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar.

Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugra Türkmenistan BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzüminiň döredilmegine maýa goýumlary gönükdirilýär.