"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama

(2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri) 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň forumynyň Jarnamasy

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň zenanlarynyň wekilleri bolan biz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we Ösüş Maksatnamasynyň gatnaşmagynda sebitiň taryhynda ilkinji döredilen — zenanlaryň resmi bolmadyk bileleşiginiň durnukly ösüşi ilerletmekde ähli zenanlaryň ornuny güýçlendirmegi we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegi maksat edinýän zenanlaryň dialogyny goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirýäris. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, biziň döwletlerimiziň Garaşsyzlygyň 30 ýyly içinde sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksatlary bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek işinde gazanan üstünliklerini nygtap;

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi

Türkmenbaşy, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty biziň döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babatda ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilýän foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Ykdysady forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik we maýa goýum düzümleriniň, banklaryň, maliýe guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen wekilçilikli foruma — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

AWAZA, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere esaslanan köptaraply gatnaşyklary okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

AWAZA, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri soňky ýyllaryň dowamynda ýetilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hatyrasyna geçirilen gala-konsert

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.

Türkmenistan — Täjigistan: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýä döwletleri bilen özara dostlukly gatnaşyklary giňden ýola goýýar. Birek-birege ynanyşmaga, dost-doganlyga eýerip ýola goýulýan gatnaşyklaram öz gezeginde ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Muny 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikler aýdyňlygy bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiz Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi. Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bard

Türkmenistan — Türkiýe: döwletara hyzmatdaşlyklar kämilleşdirilýär

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşler iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi baş ugur edinýändiklerine hem-de şeýle hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertleriň döredilýändigine ynam bildirip, taraplaryň iň gowy hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hem-de iki halkyň bähbitleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meselesi boldy.

Hazar deňziniň türkmen kenary: dostlugyň dabaralanýan mekany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagyndaky köpugurly halkara çäreler dost-doganlygy berkitmekde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda örän ähmiýetli boldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti — bularyň ählisi sebit ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlarynda özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň dabaralanmagynda aýgytly we şowly ädim boldy.

Dost-doganlygyň röwşen ýoly bilen

Golaýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen-täjik gatnaşyklary ösdürilýär

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna bardylar. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Prezidentleriniň çaý başynda söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze derejesine çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meseleleri, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşini uçara münmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Arkadag Prezidentimiziň uçarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we beýleki halkara ähmiýetli çäreler

Hyzmatdaşlygyň täze belentliklerini nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy hem dost-doganlyk gatanşyklaryndan ugur alýar. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk getirip täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.

Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini nazarlaýan sebit dialogy

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler Şu gün — 6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa — bäş millet, bäş döwlet: bir medeniýet, bir taglymat — bagtly geljek

Ine, žurnalistleriň köpden bäri: «Taryhy gün bolar” diýip atlandyran güni — 6-njy awgust hem gelip ýetdi. Bu gün dünýäniň ýüzi Ýewraziýa giňişligindäki gojaman Hazaryň türkmen kenaryna gönükdi. Dünýäniň iri tele-radio ýaýlymlarynyň kameralary hem mikrofonlary Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boljak wakalary gyzgyny bilen alyp görkezmäge we eşitdirmäge taýýar bolup durlar. Bu gün bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklylykda bellenilen çäreler geçiriler. Ol çäreler, atlaryndan hem belli bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryny nazarlaýar. Hut şu sebäpli-de, ýagny Merkezi Aziýany nazarlaýandygy üçin hem şu günüň wakalary dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu, biziň pikirimizçe, juda üns berilmeli ýagdaýdyr. Sebäbimi?! Sebäbi şu günki wakalaryň bir günde, toplumlaýyn, özi-de sebitiň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň ösüşiň täze basgançagyna aýak goýýandyklaryny, bu gadamyň hem biziň döwletlerimiziň her birine şowlulyk getirjekdigini, sebit üçin örän ähmiýetli boljakdygyny aýdyp bolar. Basgançak bilen ýokary galdygyňça, uzaklary görüp bolýar... hem-de özüňi görkezip bolýar. Biziň ýaşaýan sebitimiz bolsa şeýledir:

Ýörelgeleriň üýtgewsizligi we yzygiderliligi

Hormatly Prezidentimiziň çagyrmagy boýunça Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypany açdy. Saparyň örän netijeli bolandygyna iki döwletiň Prezidentleriniň kabul eden Bilelikdäki Beýannamasyndan başga-da, onuň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giden toplumy hem subut edýär. Ol resminamalar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny emele getirdiler. Özi-de şunda olaryň düýbünden täze gatnaşyklary ýola goýandyklaryny däl-de, ozaldan bar bolan we durmuşa üstünlikli geçirilip ýörlen türkmen-täjik gatnaşyklaryny öňküsinden has giňeldendiklerini nygtamaly. Şu nukdaýnazardan alanyňda, döwlet sapary mahalynda ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalaryň döwletleriň birek-birek üçin strategik hyzmatdaşlardygyny görkezýändigini nygtap bolar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz gepleşikler mahalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak bilen netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi.