Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

7 Awgust 2021
897

AWAZA, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere esaslanan köptaraply gatnaşyklary okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar.