Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

7 Awgust 2021
832

AWAZA, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri soňky ýyllaryň dowamynda ýetilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.