"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Merkezi Aziýa — Hytaý: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl

25-nji ýanwarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa — Hindistan: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy. Örän uly ähmiýete eýe bolan bu duşuşyk sebit hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze ösüş hem-de many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Sammite sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleriniň hem gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlykda tagallalaryň birleşdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Premýer-ministr Narendra Modi sammiti açyp, sebitiň ýurtlarynyň Liderleri bilen mähirli salamlaşdy we hemmelere şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleriniň bardygyny hem-de häzirki wagtda ýüze çykyp biljek howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmegiň örän wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir. Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar.

Döwrebap menzilde döwrebap hyzmatlar

Mundan dört ýyl çemesi ozal açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenabat Halkara howa menzili möhüm düşelge hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň meşhur awiakompaniýalarynyň birnäçesine bu döwrebap howa menzili tehniki gonuş nokady hökmünde hem hyzmat etdi. Tehniki gonuş uçara ýangyç guýmak ýa-da käbir tehniki hyzmatlary etmek zerurlygy bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin ýurdumyzyň halkara howa menzilleri döwrebap mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanda uçar ýangyjynyň dünýäniň beýleki döwletlerine seredeniňde elýeterli bolmagy hem tehniki gonuşa isleg bildirýän awiakompaniýalaryň sanyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 25-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Halkara hyzmatdaşlygyň ösüş diplomatiýasy

Döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Baky Bitaraplyk milli diplomatiýamyzyň ösüşleriniň esasynda durýar. Diplomatiýa, munuň özi, köpugurly we köpmanyly düşünjedir. Diplomatik işiň ýöredilişiniň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürlüligi bu düşünje barada dürli garaýyşlaryň öňe sürülmegine getirýär. Diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak boýunça resmi işdir. Ol döwletiň daşary aragatnaşyklary baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr. Durnukly ösüşi nazarlaýan ileri tutulýan ugurlar hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda aýratyn üns merkezinde saklanýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň bular babatyndaky başlangyçlary halkara derejesinde doly ykrar edilýär.

Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­li bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da öňe sür­ýän paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry hem-de ne­ti­je­li tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de bü­tin dün­ýä­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň or­ny bar­ha ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bolýar. Ulag pu­da­gy dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­gi şert­len­dir­ýän ýag­daý­la­ryň bi­ri bo­lup, dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­ýär. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ulag ge­çi­ri­ji­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly Mer­ke­zi Azi­ýa­ny se­bit äh­mi­ýet­li iri üs­ta­şyr ge­çi­riş çat­ry­gy­na öwür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 14-nji ýan­war­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­b

Diplomatik poçtadan

Belarus Respublikasy Ýylyň şygary wagyz edilýär

Äh­lu­mu­my abadançylygyň bäh­bi­di­ne

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan tä­ze ýy­lyň il­kin­ji gün­le­rin­den ýur­du­my­zyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny has-da ös­dür­mek we bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek bi­len bag­ly iş­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji we 14-nji ýan­war­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­rilen mej­lis­le­rin­de ulag ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­dyr gol çe­ken Ka­rar­la­ry mu­nuň şeý­le­di­gi­ni do­ly tas­syk­la­ýar. Şun­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na» mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ulag stra­te­gi­ýa­sy uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Ol ge­og­ra­fik taý­dan ýer­le­şi­şiň ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan, bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­de ys­ny­şyk­ly hal­ka­ra yk­dy­sa­dy go­şu­lyş­ma­gy hem-de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek işi­ne hyz­mat ed­ýän se­bit

Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

20-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Iki ýur­duň Li­der­le­ri mä­hir­li sa­lam­la­şyp, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni we ok­gun­ly ösü­şi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.

Täze neşirleriň sahypalarynda taryhy wakalaryň beýany

Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, parahatçylygy ösdürmekdäki parasatly başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şeýle beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşlarynda, il-ýurt hem-de umumadamzat bähbitli işlerinde aýdyň beýan edilýär. Şeýle beýik işleriň we başlangyçlaryň many-mazmunyny beýan edýän täze neşirleriň elimize gowuşmagy biziň her birimizi buýsandyrdy. Kitap ynsanyň iň ýakyn hemrasydyr, paýhasyň hem geljegiň çyragydyr. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Türkmenistan — Beýik Britaniýa: Döwletara gatnaşyklaryň tejribesi we geljekki mümkinçilikler

REDAKSIÝADAN: «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip at berlen 2022-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklarda toplanan taryhy tejribä, gazanylan üstünliklerdir bilelikde amala aşyrylan möhüm işleriň netijelerine ser salmaga örän amatly mümkinçilik bolmak bilen, ýakyn geljekde öňde durýan wezipeler barada-da giňişleýin gürrüň etmäge esas berýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi bellenilýän döwletleriň köpüsiniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekilleri bilen taýýarlanan söhbetdeşlikleri okyjylara yzygiderli ýetirmegi maksat edindi. Ertir — 23-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bilen baglylykda, habarçymyz bu ýurduň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia UAÝLD bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen-özbek gatnaşyklary berkidilýär

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklar geçirildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent derejesi

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi aýratyn bellenildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýar.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde

Şu ýylyň 4 — 20-nji fewraly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän XXIV Gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň çäklerinde, 18-nji ýanwarda Ýewraziýa ýurtlarynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriniň öňdebaryjy ýaş wekilleriniň arasynda «Bilelikde umumy geljege tarap» atly mowzuk boýunça maslahat geçirildi. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň degişli wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmekde amala aşyrylan işler we gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 20-nji ýanwar. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler

19-njy ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklarda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine syn berildi. Metbugat maslahatynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral çykyş edip, 2021-nji ýylyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ähmiýetli ýyllaryň biri bolandygyny, amala aşyrylan ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň görnetin artmagynyň munuň şeýledigini doly subut edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, tamamlanan ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksportynyň möçberi 50 göterim ýokarlanyp, 49 million amerikan dollaryna deň boldy. Degişli döwürde Türkiýäniň Türkmenistana eksportynyň möçberi hem 27,2 göterim artyp, iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 1 milliard 911 million dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkezijiniň yzygiderli ýokarlanmagynda pandemiýa şertlerinde ähmiýeti has-da artan Hazarüsti ulag geçelgesine möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, diplomat sebitde ýükleriň daşalyşyny has-da artdyrmakda bu tasla

Hoşniýetli goňşuçylyk köpasyrlyk gatnaşyklaryň mizemez ýörelgesidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iki günlük iş saparynda boldy. Şonda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi. Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, bu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi. Soňra bu ýerde geçirilen duşuşykda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.