Döwrebap menzilde döwrebap hyzmatlar

28 Ýanwar 2022
1019

Mundan dört ýyl çemesi ozal açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenabat Halkara howa menzili möhüm düşelge hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň meşhur awiakompaniýalarynyň birnäçesine bu döwrebap howa menzili tehniki gonuş nokady hökmünde hem hyzmat etdi.

Tehniki gonuş uçara ýangyç guýmak ýa-da käbir tehniki hyzmatlary etmek zerurlygy bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin ýurdumyzyň halkara howa menzilleri döwrebap mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanda uçar ýangyjynyň dünýäniň beýleki döwletlerine seredeniňde elýeterli bolmagy hem tehniki gonuşa isleg bildirýän awiakompaniýalaryň sanyny artdyrýar.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.