Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

25 Ýanwar 2022
1241

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­li bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da öňe sür­ýän paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry hem-de ne­ti­je­li tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de bü­tin dün­ýä­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň or­ny bar­ha ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bolýar. Ulag pu­da­gy dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­gi şert­len­dir­ýän ýag­daý­la­ryň bi­ri bo­lup, dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­ýär. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ulag ge­çi­ri­ji­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly Mer­ke­zi Azi­ýa­ny se­bit äh­mi­ýet­li iri üs­ta­şyr ge­çi­riş çat­ry­gy­na öwür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 14-nji ýan­war­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di. Şeý­le hem Mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­ne bu ba­bat­da­ky iş­le­ri beý­le­ki dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de, ut­ga­şyk­ly hem-de ul­gam­la­ýyn esas­da alyp bar­ma­ly­dy­gy ha­kyn­da mö­hüm tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Baý­ram­bagt NO­BAT­GEL­DI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.