"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: bilelikdäki tagallalar işjeňleşdirilýär

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu gezekki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk etmek bilen, bu sammit «Howpsuz ŞHG ýolunda» (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(2023-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly jenap Başlyk!

Tanyşdyrylyş dabarasy

Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Yslam ösüş bankynyň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanan hem-de bu banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, döwletimiziň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilen kitabyň sowgat berilmegi bilen gutlap, ýurdumyzda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu iri maliýe düzüminiň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda Yslam ösüş bankyna agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösüş

Milli Liderimize uly hormatyň nyşany

Dostlukly hyzmatdaşlykda täze başlangyçlar

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlygy, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürmegi hem bu hakykatyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu gezekki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owazasy dünýä dolýan şäher

Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylanyna sanlyja gün boldy. Şeýle-de bolsa, ol ýerde giň gerim alan halkara derejesindäki çäreler, şol sanda halkara forumlar dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Arkadag şäheriniň kaşaň binalarynda “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany”, “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy”, “Arkadag şäheri — sanly we akylly tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatlaryň, “Arkadag şäheri ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri”, “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahatlaryň, şeýle-de futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahatynyň işjeňlikde geçendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn tagallalar

Taryh bize asuda ýaşamak we durnukly ösüşiň belentliklerine çykmak üçin özara hormatyň we düşünişmegiň zerurdygyny tekrarlaýar. «Diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr». Ine, hakyky parahatçylyk söýüjilikli ýurduň Baştutanynyň aýtjak sözi! Bu sözler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşyndan alyndy. Häzir dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde çuňňur we aýdyň maksatly işleri guramak we oňa ýetmek wezipesi örboýuna galdy. Halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny, netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak, gatnaşyklar üçin oňyn şertleri döretmek gaýragoýulmasyz möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyz dünýäniň häzirki ýagdaýyny seljermek, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini maslahatlaşmak we ykrar etmek üçin 2021-nji ýylda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Arkadagly Serdarymyz halkara gatnaşyklaryň bu täze syýasy-diplom

Habarlar halkara giňişlikde

Diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy Golaýda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Şunlukda, ýurdumyzyň resmi ýagdaýda diplomatik gatnaşyklary saklaýan döwletleriniň sany 153-e ýetdi.

Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy

Arkadag şäheri, 4-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Arkadag şäherinde geçirilen halkara forumda ulag ulgamynyň ösüşleri maslahatlaşyldy

Golaýda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynda ulag we logistika ulgamy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Häzirki zaman ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek, Türkmenistany Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag çatryklarynyň merkezleriniň birine öwürmek ýurdumyzyň maýa goýum ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy

Arkadag şäheri, 4-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň täsin ekotaslamasy

Aleksandr LEBEDEW,«Большая Азия» teleýaýlymynyň baş direktory: — Ilki bilen, öňegidişligiň we belentliklere ýetmegiň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisini gutlamak isleýärin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özboluşly başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan üçin ýetip bolmajak menziliň ýokdugyny görkezdi. Bu ýerde gören zatlarym meni juda haýran galdyrdy. Deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna geljekde bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, siziň durmuşyňyzda iki reňk — ak we tyllaýy reňkler agdyklyk etsin! Çünki ak — tämizligiň, şatlygyňdyr açyk göwünliligiň, tyllaýy reňk bolsa baýlygyň, abadançylygyň, saglygyňdyr merhemetiň nyşany.

Belent hormatyň nyşany

Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji hormatly Prezidentimize «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medaly gowşurmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda türki dünýäsiniň ýurtlary bilen özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Şonuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy, medeni, ykdysady gatnaşyklary barha ýokarlanýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandy nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medalyň gowşurylmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň «TÜRKSOÝ» ordeni we «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanmagy ýurdumyzyň dünýäde barha artýan abraýyndan a

Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

Arkadag şäheri, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýas

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi iki daşary ýurt kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” we “Delta Telecom Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalary baglaşdy. Degişli resminamalara gol çekmek dabarasy 2-nji iýulda geçirilen “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

Arkadag şäheri, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýas

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda

«Akylly» şäher — Arkadag bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Şäheriň mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen daşary ýurtlardan köp sanly hünärmenler geldi. Şolaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň abraýly hassahanalarynyň lukmanlary, professorlary hem bar. Biz olaryň täze şäher baradaky garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Georg PFENNINGER,Ulm şäheriniň uniwersitet klinikasynyň dolandyryş gullugynyň başlygy, professor:

Durnukly ösüşiň bähbidine

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynda «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi. Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Lukmanlaryň jemgyýetçilik guramasy

1-nji iýulda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen «Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy» atly halkara ylmy maslahat bu täsin «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar.