Dostlukly hyzmatdaşlykda täze başlangyçlar

6 Iýul 2023
549

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlygy, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürmegi hem bu hakykatyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu gezekki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.