Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn tagallalar

6 Iýul 2023
630

Taryh bize asuda ýaşamak we durnukly ösüşiň belentliklerine çykmak üçin özara hormatyň we düşünişmegiň zerurdygyny tekrarlaýar. «Diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr». Ine, hakyky parahatçylyk söýüjilikli ýurduň Baştutanynyň aýtjak sözi! Bu sözler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşyndan alyndy.

Häzir dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde çuňňur we aýdyň maksatly işleri guramak we oňa ýetmek wezipesi örboýuna galdy. Halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny, netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak, gatnaşyklar üçin oňyn şertleri döretmek gaýragoýulmasyz möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyz dünýäniň häzirki ýagdaýyny seljermek, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini maslahatlaşmak we ykrar etmek üçin 2021-nji ýylda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Arkadagly Serdarymyz halkara gatnaşyklaryň bu täze syýasy-diplomatik filosofiýasyny ilerletmek bilen, onuň döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge mümkinçilik berjekdigine ynanýandygyny aýdýar.

Oraz ABDYÝEW.
“Türkmenistan».