Mertebäm sensiň, käbäm!

25 Awgust 2021
2240

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan:

«Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr. Seýrek hem bolsa, il arasynda: «Enesiniň ak patasyny almady» diýip, şowlamadyk işiň sebäbiniň basym aýdyň edilýändigini eşitmek bolýar».

Ogulsona GOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.