Türkmen dünýäsi

17 Awgust 2021
1948

Türkmen Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy! Bular ýüregiňe kuwwat berýän, türkmen dünýäsine nur saçýan gudrat. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy dabaraly baýram ediljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmeniň Oguz han atamyzdan gaýdýan nesil dowamaty barada oýlananyňda, onuň ynsanperwerligi ýadyňa düşýär.

Garraşyberende, perzendine: «balam», töweregindäkilere: «janam, köşegim» diýip ýüzlenýän ene-mamalarymyzyň, ata-babalarymyzyň ýüzleriniň nuruny synlasana! Mylaýym söz bilen güler ýüz birleşip, kalplara mähribanlygy paýlaýar. Ol mähribanlyk bolsa görelde mekdebi bolup, bagtly ýollara atarýar. Onuň aňyrsynda agzybirlik, bir-birege söýgi, dost-doganlyk, ynsaplylyk, sabyrlylyk, ynsanperwerlik ýaly ynsany beýgeldýän häsiýetler ýatyr. Men ýokarda «garraşyberende» diýen sözi ulandym, bu hakykat ýüzünde şeýle, sebäbi türkmen aga ýaşlygynda hiç wagt ýüregi bilen söýüp, ugrunda janyny gurban etjek perzendine «pylany jan», «janym», «guzym» diýip ýörmezek. Gyzlaryň asylly, edep-ekramly, ar-namysly, oglanlaryň mert, merdana, watansöýüji, batyr, ar-namysly, gerçek ýigit bolup kemala gelmeginde ene-atanyň göreldesi uly.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.