Aziýanyň dür-merjeni

29 Maý 2021
1139

Danalar aýtmyşlaýyn, her bir päk niýetli ynsanyň gazanan iň uly ýeňşi onuň watansöýüjilik duýgusyndan gözbaş alýar. Biziň üçin ene-ata, çaga, dogan-garyndaş ýaly ýakynlarymyz näçe mähriban bolsa-da, olara bolan söýgimiziň kökleri Watan mukaddesliginiň çeşmesinden ganmasa, tebigy güýç-kuwwatyny gorap-saklap bilmez. Çünki Watan — adamyň mizemez daýanjy, polat erki, sarsmaz ynanjy. Türkmen halkynyň ýüregindäki bu mukaddes duýgy ýurdumyzyň Döwlet senasynda: «Halkyň guran Baky beýik binasy» diýlip ebedileşdirilendir.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».