Gyrmyzy güller (Hekaýa)

29 Maý 2021
1326

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň öň ýanynda doglandygy üçin onuň adyny atasy dakypdy — Ýeňiş. Ýaşuly frontçy agtyjagy Ýeňşi eý görýärdi. Şol bir wagtyň özünde, onuň sagdyn, berk bedenli ösüp-ulalmagy, durmuşa, zähmete werziş bolmagy üçin hem aladalanýardy. Otursa-tursa: «Saňa şöhratly günüň ady dakyldy, adyňa mynasyp bolgun, oglum!» diýýärdi. Alty ýaşyny dolduran gününde atasynyň welosiped alyp berşi, sürmegi öwredişi we şondan soňky wakalar Ýeňşiň şu günki ýaly ýadynda...

Ertir ukudan oýananda, gapdalynda duran täzeje welosipede gözi düşen oglanjygyň göwni guş bolup uçdy. Ony idip, iki ýana at salşyna: «Welosipedimi gördüňizmi!» diýip gygyrýardy. Onuň iki tigirlije ulagyny idip-itekläp ýörmesi uzaga çekmedi. Atasy oglanjygy welosipedine oturdyp, «sapak» bermäge başlady. Deňagramlylygy saklamagy, şoňa sazlap, aýaklary hereketlendirmegi, oňa erk etmegi öwretdi. Agtygy sürdi, ony tutaklaýan atasy gapdalyndan haýdady. Şeýlelikde, ýarym güne galman, sürmegi-de öwrendi. Indi atasy tekge bermese-de, Ýeňiş welosipedini arkaýyn sürüp bilýärdi. Agtygynyň hyjuwdyr başarjaňlygyna monça bolan atasy:

Ogulşeker GURDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdebiň okuwçysy.