Gumrular (Hekaýa)

29 Maý 2021
1400

Okuwa başlan günümizden mekdebimiziň howlusyndaky gür baglygy mekan tutunan gumrular biziň ählimiziň ünsümizi özüne çekdi. Synpdaş dostlarymyz bilen ýygy-ýygydan baga aýlanyp, gumrularyň halyndan habar almagy endik edindik. Getiren bugdaý, arpa dänejiklerimiz bilen iýmitlenişlerini görenimizde, öz ýanymyzdan monça bolardyk. Soňabaka biz-ä gumrular bilen, olar hem biziň bilen juda öwrenişdi. Höwürtgelerinden biraz daşlaşan bolsalar-da, baga bardygymyz, derrew ýanymyza gelerdiler.

Ýazyň başynda höwürtgede jüýjejikler peýda boldy. Olaryň jürküldisi bize okuw ýylynyň ilkinji günlerini ýatlatdy. Mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlenen şol günlerde çagalaryň begenç-buýsanjy höwürtgedäki jüýjeleriň ýüregi heýjana getiriji şatlygyna çalym edýärdi. Edil biziň ýaly, gumry jüýjeleri hem mekdepde sapak öwrenýäne meňzeýärdi. Geçilen sapaga jogap berşimiz ýaly, olar hem ene gumra öz dillerinde bir zatlar «gürrüň berýärdiler». Jüýjeleriň hoş owazly jürküldisi, birenaýy saýraýyşlary, olar aýdym sapagynda çykyş edýändir diýdirýärdi.

Myrat JORAGELDIÝEW,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy.