Garaşsyzlyk — bagtymyz

20 Mart 2021
3049

Mukaddes Garaşsyzlyk 1991-nji ýylyň altyn güýzünde halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bu ajaýyp senä çenli türkmen halky öz dogduk topragynda erkanalyk mukamynyň eşidilip durmagyny ençe asyrlap küýsäpdir. Olar dana Magtymguly atamyzyň söz açan ajap eýýamynyň gelmegi üçin asyrlarboýy garaşyp, göreşip ýaşapdyr. Kerwen gurap geçen asyrlarda, ýyllarda edilen arzuw-dilegler diňe şol güýz gününde hasyl boldy. Gahryman Arkadagly agzybir halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen dowam edýän şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň — erkanalyk bagtymyzyň 30 ýyllyk baýramyny toýlaýar. Onuň ýakymy ýüreklerimize buýsanç, göwnümize ylham eçilýär. Neneň şeýle bolmasyn?! «Garaşsyzlyk» diýen ýekeje sözüň özi azat-erkinlik bilen ýetilýän bagtly ykballary, il-ýurt ösüşlerini, zähmet ýeňişlerini öz içine alýar. Şeýle hem, il-ýurdumyzyň şu günki bagtyýarlygyny, bedew batly gadamlaryny we dünýäde parahatçylygy pugtalandyryjy başlangyçlaryny älem-jahana ýaýýan ýaşyl Baýdakly bolmagymyz hem Garaşsyzlygyň miwesi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda abraý-mertebesi dünýä dolan berkarar Watanymyzy şirin jandan ezizläp, mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlaryny goramak, ýeňişlerine goşant goşmak — Watan perzentleri bolan biziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi gün-günden ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýikden-beýik işleri mydama rowaç bolsun!