Nepis sungatyň ussady

20 Ýanwar 2021
1912

Milli gymmatlyklarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, täzeden-täze öwüşginlere beslenip, ata-babalarymyzyň ruhuna ýakynlaşdyrýan dürdäneleri, milli pelsepäni we ynançlary özünde jemleýän kerem-gudrat görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň baý mirasynda aýratyn orun eýeleýän ugurlaryň biri-de şekillendiriş sungatydyr. Şekillendiriş sungatynyň iň nepis ugurlarynyň biri bolan suratkeşlik hem türkmen halkynyň durmuşynda görnükli orun tutýar.

Türkmen suratkeşlik sungatyndan söz açylanda, ilki bilen, belli suratkeşler Nazar Ýomudskiniň we Bäşim Nuralynyň döreden ajaýyp surat eserleri göz öňüňde janlanýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda — XX asyryň birinji ýarymynda naýbaşy eserleri döreden sungat ussatlarynyň çeken suratlary milli suratkeşlik mekdebimiziň döreýiş we ösüş ýolunda nusgalyk eserler hökmünde hemişelik orun aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan düýpli ylmy-barlag işleri türkmen suratkeşlik mekdebiniň köklerini has alyslardan — XV asyrdan alyp gaýdýandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. XVI — XVII asyrlaryň sepgidinde Töwrizde ýaşap geçen meşhur türkmen suratkeşi Sadyk beg Awşaryň döredijiligi munuň aýdyň mysalydyr.

Kuwwatberdi KAKAJYÝEW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.