Bökdençsizlik gazanylýar

18 Ýanwar 2021
1622

Ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyndan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Il-gün bähbitli bu wezipelerde edara-kärhanalaryň we ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi derwaýysdyr. Şeýle wezipäniň çözgüdi gyş aýlarynyň häzirki günlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şu günüň ýokary talabyndan ugur alýan “Baýramalyşähergaz” gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz akymyny üpjün etmekde ýadawsyz aladalanýarlar. Gyş aýlarynyň sowuk we ygally günleri edaranyň işgärlerinden ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Möwsümiň ýokary talabyna düşünýän ady agzalan edaranyň işgärleri Baýramaly şäheriniň sarp edijilerini mawy ýangyjyň akymy bilen üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Olar dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalaryň gurat işlemegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýýarlar. Gaz hojalyk edarasynda sargytlary kabul edýän bölümiň işgäri Azat Çolukow, ussa Geldimyrat Pyryýew, sürüji Alty Meretdurdyýew ýaly işine ezber zähmetsöýer adamlar has tapawutlanýarlar. Bu ýerde gyş günleriniň çylşyrymly wezipelerine abraý bilen hötde gelmek üçin degerli çäreler görülýär. Jogapkärçilik duýlup, işiň guramaçylykly ýola goýlan ýerinde bolsa gowy netijeler gazanylýar.