Watan waspy dillerde

11 Ýanwar 2021
1842

Golaýda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrülendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çykyş edenler milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň bu günki gün Ýer ýüzünde dabaralanýandygyny, rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, olar Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý dabaralaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek baradaky Kararynyň ähli türkmenistanlyny begendiren şatlykly waka öwrülendigini aýratyn bellediler.

Ýörite habarçymyz.