Bäsleşigiň jemi jemlenildi

26 Dekabr 2024
112

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baýram Akatow, şu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Gülnahal Seýitkulyýewa we Nazary Bidel Wahid Nazar, Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet bölümiň bagşysy Ören Atakow, Darganata etrabynyň ýaşaýjylary Öwez Gurbanýazow we Nurguly Ýagmyrow, Hojambaz etrabyndan Bazar Şalyýew we Çaryýar Pirimkulyýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Akmyrat Jumaýew, Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow ýeniji diýlip yglan edildi. Şeýle hem Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýewiň, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplary Şeker Hüseýinowanyň we Serdar Joraýewiň bäsleşige hödürlän makaladyr goşgularyna ýokary baha berildi. 

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.