Göwün gyşa meňzemesin! (Durmuş we biz)

23 Dekabr 2024
107

Gözelligi, tämizligi tebigata sowgat edip ýagýan gar daş-töweregi aklyk bilen bezedi. Bu pursat içki dünýäňde şatlyk uçgunjyklaryny emele getirýär. «Wah, şu wagt çaga bolsaň-da, gar oýnap, keýpden çyksaň. Ýa-da garda typsaň, hezil edip garadam ýasasaň...» diýip, öz ýanyňdan pikir ýumagyny çöşläbereniňi-de duýman galýaň. Asmandan düşüp, şemalyň ugruna tans oýnaýan garlar her kimem çagalyk ýatlamalaryna dolaýan bolsa gerek. Şol geçen gözel günleriň juda hezildigini diýsene. Çagakak gar ýagdygy, paltodyr elliklerimizi geýip, ejemiziň: «Daşary sowuk, kän gar oýnamaň, üşärsiňiz ýogsam. Ýykylyp, bir ýeriňizi agyrdaýsaňyz näme?» diýip berýän tabşyryklaryny-da ýadymyzdan çykaryp, göni köçä eňerdik. Ejem daşaryk goýbermejegem bolardy käteler. Onda-da doganym ikimiz her edip, hesip edip, ejemizi yrardyk. Goňşularymyzyň çagalary bilen garlaşardyk, gülşerdik, taýgançak ýollarda typyp-typyp, heziller ederdik. Şol süýji ýatlamalary ýatlamagyň özi-de saňa täsin duýgulary bagyş edýär. Süýji gussa bolsa bir ýandan göwün şelpelerini ýuwaşlyk bilen yrap geçýär...

* * *

Nury SAKÇYÝEW,
«Nesil».