Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

22 Dekabr 2024
265

Ylym-bilim beýik ösüşleriň binýady bolmak bilen bir hatarda, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmelerine aýratyn üns berilýär, bu ugruň ösdürilmegi baş maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, has takygy, sanly bilim ulgamy ösdürilýär we okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» sanly bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlary aýdyň beýan edilýär. Konsepsiýada jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur almak bellenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär we bu babatda ähli tagallalar edilýär.

Aşyrmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.