Waspnama

6 Ýanwar 2021
1852

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna


Gözbaş alan pederleriň pendinden,
Ýanbermezek hyjuwyndan, erkinden.
Asyrlaň aýdymyn baýdak edinen,
Tug edinen Arkadagyň pähimin,
Geçmişi geljege atarjak menzil.
Halky deý joşgunly möwç urýan deňziň
Goýnundan gündogar sary uzaýan,
Her ädimne kalplaň tary uzaýan
Çäginde jem eýlän bagtyň badyny,
Äleme ýaň eýläp Watan adyny.
Illeri illere dogan eýlejek,
Dost etjek halklary birek-birege,
Mätäji goldajak dag deý direnip.
Ynamy, umydy ganat edinen,
Arzuwyn ak ýolda ak at edinen,
Abadan durmuşy dünýä ýaň edip,
Diňe gowluk bilen özün tanadyp,
Aýdyň ýolun Hakdan ha:lat edinen.
Ynsanlaň alkyşyn, illeň şükürin,
Çagajyklaň bagta siňen şekilin,
Göge sary rowan bolan umytlaň,
Göge sary dowam bolan maksatlaň
Öz myradyna gowuşjak ýyly —
Parahatlyk ýyly, ynanyşmak ýyly.