Kuwwatly desgada işler ileri

6 Ýanwar 2021
1974

Elektrik energiýasy ykdysady ösüşlerimiziň we ýaşaýyş-durmuş derejämiziň günsaýyn ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýan baýlyklarymyzyň biridir. Bu energiýa serişdesiniň ýeterli bolmagy üçin welaýatymyzda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň obalarydyr şäherleriniň ilaty, täze işe girizilen we öňden bar bolan önümçilik desgalary, dürli kärhanalar elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilýär. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap desgalaryň biri-de Döwletli etrabynyň çägindäki ýyllyk kuwwaty 254 megawat bolan «Watan» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasydyr. Desga hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda işe girizildi. Energetikler her ýylda 1 — 1,5 milliard kilowat töweregi elektrik energiýasyny öndürmegiň hötdesinden gelýärler.

Elektrik energiýasyndan netijeli peýdalanmakda, energiýa akymynyň durnuklylygyny we sarp edijileri onuň zerur bolan möçberdäkisi bilen üpjün etmekde bu desganyň mümkinçilikleri çäksizdir. Elektrik desgasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede guruldy. Ol birbitewi elektrik ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Bu halkalaýyn ulgam ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde hem, energiýanyň eksporta iberiliş möçberlerini kanagatlandyrmakda hem örän bähbitlidir. Bu ýerde ýaşlarymyzyň hem uly topary zähmet çekýär.

Erkin NYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Döwletli etrap geňeşiniň başlygy.