Halypa hatyrasy belentdir

4 Dekabr 2024
187

Her ynsanyň ömür menzillerinde aýny gerek pursatlarda sataşyp, çelgi mysaly ýol görkezýän, her sözi gyzyla barabar pentler bilen durmuşyňa many çaýýan perişdepisint ynsanlar bolýar. Beýle kişiler mydama ýagşylykda ýatlanylýar. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle halypalaryň biri-de filologiýa ylymlaryň doktory, şahyr Gurbandurdy Geldiýewdir.

Gurbandurdy Geldiýew 1942-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. 1962-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, 1967-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Ol 1967 — 1969-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda korrektor, 1969 — 1971-nji ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynyň redaktory, 1971 — 1975-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň uly laboranty, 1975 — 1979-njy ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mugallymçylyk ylmy-barlag institutynyň türkmen dilini okatmagyň we öwretmegiň metodikasyny öwrediş bölüminiň uly ylmy işgäri bolup işleýär. Soňky ýyllarda ol ýokary okuw mekdepleri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, 2001 — 2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mugallymçylyk fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň professory wezipelerinde zähmet çekýär. 2016 — 2018-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri wezipelerinde işleýär.

Ýazgül BEŞEROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.